Rolletler el arkaly hem-de awtomatlaşdyrylan herekete getiriji bilen enjamlaşdyrylyp bilner, bu ýagdaýda öçüriji ýa-da uzakdan dolandyryş pultuny ulanmak mümkinçiligi bolar.

El arkaly dolandyrylýan herekete getirijiler

Rollet ulgamlary bilen dolandyrmak lentaly ýa-da pružinaly - inersiýa mehanizma bilen er arkaly amala aşyrylýar.

Elektriki herekete getirijiler

Biz öz önümlerimizi meşhur kompaniýalaryň motorlary we dolandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyrýarys, ýagny : "NICE" Italiýa, "SOMFY" Fransiýa, "MOSEL" Turkiýe, "BECKER" Germaniýa, "ЭЛЕРО" Germaniýa, "EVROSEL" Italiýa we ş.m.

Elektrik herekete getiriji bilen enjamlaşdyrylan rolletler dolandyryş üçin has amatly bolup durýar. Elektrik energiýanyň öçen ýagdaýynda, adatdan daşary UPS göterijini ulanyp bilersiňiz. Elektrik herekete getirijili rolletler goşmaça uzakdan dolandyryş bloklary, toparlaýyn dolandyryş bloklary we dürli görnüşdäki öçürijiler bilen enjamlaşdyrylyp bilner.

Esasy kabul ediji (duýduryş kabul ediji) MOSEL DC-155

Dolandyryş ulgamy simsiz kabul edijiden we peredatçiklerden ybarat bolup durýar (uzakdan dolandyryş pulty). Bu ulgam herekete getirijileri ýa-da herekete getiriji toparlaryny uzakdan dolandyrmagy üpjün edýär. Kabul ediji herekete getirijiniň ýanynda gurnalýar we özüne 20-ä golaý peredatçik birikdirmäge mümkinçilik berýär.

SHUTTER UPS - awtonom iýmitlendiriş

Üznüksiz iýmitlendiriş çeşme ulgamy Shutter UPS elektrik energiýasy ýok bolan ýagdaýyn, panžuryň elektrik motoryna iki sany gurnalan akkumulýatordan elektrik energiýasyny bermäge mümkinçilik berýär. UPS elektrik energiýasyny 100 sagada çenli saklaýar we size şunuň ýaly adatdan daşary ýagdaýlarda hem derwezäňizi dolandyrmaga amatly şertleri döredýär.

UPS awtomatiki tertipde işleýär we seredilmegi zerur däl, öndürijiniň aýdýan bir zady UPS ulgamy aýda bir gezek akkumulýatorlaryň zarýad berilmegini maslahat berilýär, ýagny eger-de sizde 30 günüň dowamynda elektrik energiýasy bolmadyk ýagdaýynda we panžur akkumulýator arkaly işlemedik ýagdaýynda, zarýad bermek üçin diňe UPS elektrik liniýasyndan rozetkadan wilkany çekip aýyryň we derwezäni takmynan 10 gezek ýokary göteriň we aşak ýatyryň. Soňra gaýtadan elektrik energiýa liniýasyna birikdiriň. Bu adaty amal önümiň hyzmatynyň möhletiniň uzalmagyna ýardam edýär.

DOLANDYRYŞ ULGAMY

GÖRNÜŞLER, FOTOKELLER, GEÇIRMELER