HIL KEPILLIGI

PANJUR ähli önümler işi üçin kepillik möhletine eýedir!

Tehniki meseleler ýüze çykan ýagdaýynda biz gysga wagtyň içinde düzedilmegini we kemçiligiň aradan aýrylmagyny üpjün ederis. Aşgabat şäherindäki ammarymyzda ähli zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryň bardygy biziň özümize bolan ynamymyzy güýçlendirýär, bu hem rollet ulgamlarynyň önümçiligi we işe girizilmegi bilen bagly müşderilerimiziň islendik talaplaryna iň ýokary amatlylykda ýardaam bermegi üpjün edýär.

Kepillik möhletiniň tamamlanmagyndan soňra, enjamlaryň tehniki hyzmaty bilen bagly biziň bilen şertnama baglaşyp bilersiňiz.

HOWPSUZLYK ÇÄRELERI

Gorag žalýuzi-panžur gurnawlarda ulanylýan elementler tehniki howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeginde önümiň doly howpsuzlygyny üpjün edýär. Gorag panžur - žalýuzileriň dolandyrylmagynda işlenýän zolakda adamlaryň ýa-da başga serişdeleriň bolmagynyň öňüni almak maksady bilen, matalaryň ýokary galmagy we aşak düşmeginde daşyndan göz barlagy geçirmelidir.

PANŽURYŇ IŞLEÝÄN WAGTYNDA ŞU AŞAKDAKYLAR GADAGAN EDILÝÄR:

  1. El bilen, başga serişdeler bilen matanyň hereketine (aşak-ýokary hereketi) päsgel bermek;
  2. Žalýuziniň matasynyň aşak goýbeirlýän wagtynda hereket edýän zolagynda bolmak;
  3. Elektrik iýmitlendirişiň ýa-da žalýuziniň dolandyryş gurluşynyň (öçürijiler, uzakdan dolandyryş pultlary, kabul edijiler we ş.m.) kabellerinde görünýän näsazlyklar bolan ýagdaýynda elektrik herekete getiriji bilen gorag žalýuzisini işletmek;
  4. Siziň gorag žalýuziňiziň işinde bozulmalar ýüze çykan ýagdaýynda, aýratynlykda birahat edýän adaty bolmadyk sesiň, ýa-da haýsydyr bir zadyň ysynyň bolan ýagdaýynda dessine önümi ulanmagy togtadyň we Gurnaýja ýüz tutuň;
  5. Žalýuziniň tehniki hyzmaty we abatlaýyş işleri diňe tejribeli tehniki işgärler tarapyndan (Gurnaýjynyň ygtyýarly wekili) amala aşyrylmalydyr;
  6. Uzakdan dolandyryş pulty bilen çagalaryň oýnamagyna dykgat ediň ýa-da panžuryň sanksiýalaryň daşynda işlemeginden gaça durmak (duýduryşyň hereket radiusy 100 metre çenli);
  7. Öz wagtynda dolandyryş pultundaky batareýalary çalşyň (takmynan ýarym ýylda bir gezek);


PANŽURYŇ TEHNIKI HYZMATYNYŇ TERTIBI

Hemişelik tehniki taýdan dogry we işe taýýar ýagdaýda bolmagynda önümiň goldanmagy üçin döwürleýin matany we žalýuziniň ugrukdyryjy şinalaryny tozandan, hapadan, buzdan (gyş döwürleri) hem-de başga serişdelerden (ownuk daşlar, ýapraklar, şahalar we ş.m.) arassalap durmaly. Mata kirlenen ýagdaýynda panžury ýuwmak maslahat berilýär. Ýeňil awtoulagyň ýuwulşy ýaly ýuwmak bolar. Matanyň tozandan we hapadan arassalanmagy üçin ýumşak esgileriň we agressiw bolmadyk ýuwujy serişdeleriň ulanylmagna ýol berilýär.

Panžur döwürleýin (ýylda 1 gezek) Gurnaýjynyň hünärmeniniň gatnaşmagynda tehniki gözegçilikden geçirilmegi maslahat berilýär. Birnäçe gezek elektrik energiýasynyň kesilmeginde UPS görnüşli ätiýaçlyk iýmitlendiriş çeşmeleriniň gurnalmagyna maslahat berilýär. (opsiýa). Gyş döwürlerinde žalýuzi-panžur buz tutan ýagdaýynda mata galdyrylmazdan öňürti žalýuziniň matasyny buzdan el bilen zalýuziniň matasynyň daşky ýa-da içki tarapyndan ýeňil urgular bilen arassalamak maslahat berilýär.

ÜNS BERIŇ!
Daşky-gurşawyň ýokary temperaturasynda elektrik herekete getirijili žalýuziniň matasynyň ýygy-ýygydan ýokary galmagy we aşak goýberilmegi (4-5 minut üznüksiz işlemegi) gurnalan termoreleniň işlemegine getirip biler. Bu ýagdaýda žalýuziniň elektrik herekete getirijisi iş temperaturasyna gelýänçä blokirlener. Biraz wagt garaşyň (takmynan iň köp 15 minut)

Önümiň gurluşynda özbaşdak sazlama, abatlaýyş, gaýtadan gurnamak ýa-da haýsydyr bir üýtgeşmeleri girizmek ýaly işleriň geçirilmegi gadagan edilýär.